Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow we YHG-nyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

17:3130.06.2021
0
3762

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpury kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milletiň Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür, täze taryhy eýýamda ýurdy ösdürmegiň giň möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmakda uly üstünlikler arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän daşary syýasy ugruň çäklerinde abraýly halkara guramalar, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda milletiň Lideri we YHG-nyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyp, Türkmenistanyň häzirki wagtda bu Guramada başlyklyk etmegi hem-de degişli Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi babatdaky gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler. Şunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren döredijilikli başlangyçlarynyň, şol sanda YHG-nyň XIV sammitinde beýan eden başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi. Şol başlangyçlar bolsa sebit hem-de halkara ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Jenap Hadi Soleýmanpur milletiň Liderine özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge, onuň täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň YHG-de başlyklyk etmeginiň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň