Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada wirtual baglyk döredildi

16:5930.06.2021
0
3678

Wirtual sergileri guramak arkaly dünýäde meşhurlyk gazanan «TeamLab» ýapon sanly sungat platformasy Tokiodaky Sanly sungat muzeýinde täze sergisini hödürledi. Bu sergi täsin bagdan ybaratdyr.

Baglyk meýdany ýatladýan sergi birnäçe bölümden ybarat. Onuň «Bagyň güýzän gülleri» bölümine gelip görenler wirtual täsinlikleriň müňlerçesi bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. «TeamLab»-yň ýolbaşçysy Toşiýuki Inokonyň aýtmagyna görä, «ýuwaş-ýuwaşdan hereket edýän güllere seretseňiz, tiz wagtdan gül size seredýän ýaly duýgyny başdan geçirersiňiz». "Moss bagy" bölüminde bolsa, myhmanlar "mikrokosmosyň nähili rezonanslaşýandygyny" duýup bilerler.

«TeamLab» sanly sungat platformasynyň inženerleri, dizaýnerleri, matematikleri we sungat işgärlerini birleşdirdi. «TeamLab» topary birnäçe ýyl bäri häzirki zaman tehnologiýalarynyň tükeniksiz mümkinçiliklerine esaslanyp, dünýäde ajaýyp sergileri guraýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň