Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat hem-de köpugurly işinde ajaýyp üstünlikler arzuw etdi.
Milletiň Lideri gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda russiýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Bitarap Türkmenistan dünýäde uglewodorod serişdelerini köp mukdarda öndürýän döwletleriň biri bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän ýangyç-energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär.
Myhman milletiň Liderini “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan giň gerimli işi hem-de bilelikdäki taslamalary ilerletmek boýunça taýýarlanylan teklipler bilen tanyşdyryp, russiýaly hyzmatdaşlaryň mundan beýläk hem öz üstüne alan borçnamalaryna jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.