Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana sapar bilen çagyrdy

14:5129.06.2021
0
10058

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada gazak Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen-gazak dostluk gatnaşyklarynyň, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygyň üýtgewsiz häsiýetini tassyklap, döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, gazak kärdeşini şu ýyl Türkmenistana resmi sapar bilen çagyrdy, saparyň çäklerinde birnäçe möhüm şertanamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Gazagystanyň Prezidenti çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi we şu güýzde Aşgabatda geçiriljek VI Hazar sammitine gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Mundan başga-da, taraplar sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin mundan beýläkki köpçülikleýin çäreler barada pikir alyşdylar. Kasym-Žomart Tokaýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky maslahatyny guramak baradaky başlangyjyny goldady.

Gazagystanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlady we jogapkärli döwlet işide üstünlik gazanmagyny we doganlyk Türkmenistanyň gülläp ösmegi üçin üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň