Türkmenistanda öňümizdäki güýz ― gyş möwsümlerinde Gyrgyzystana gazdyr elektrik energiýasyny ugradar

20:2228.06.2021
0
11211

Türkmenistan öňümizdäki güýzde we gyşda Gyrgyzystana tebigy gaz we elektrik energiýasyny goýberer. Bu barada şu gün iki döwletiň Prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ylalaşyk gazanyldy.

Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşi bilen geçirilen gepleşiklerde Gyrgyzystanyň ähli zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we üpjünçiligiň tehniki, guramaçylyk we beýleki ugurlaryny düýpli ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Şu günler Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýurdumyza iki günlük sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň