Berdimuhamedow Gyrgyzystany türkmen gazy bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy

18:2028.06.2021
0
14111

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gyrgyz kärdeşi Sadyr Žaparow bilen şu gün Aşgabatda bolan duşuşygynda Türkmenistanyň Gyrgyzystany tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýýardygyny habar berdi.

Has takygy, türkmen Lideri: «Biz siziň ýurduňyzyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we tehniki, guramaçylyk we beýleki üpjünçilik ugurlaryny düýpli ara alyp maslahatlaşmaga taýýar» diýip, kerdeşine teklip bilen ýüzlendi.

Türkmen döwletiniň Baştutany «üstaşyr ýurt bilen utgaşyp, bu barada üçtaraplaýyn bilermenler ýygnagyny guramak maslahat berilýär» diýip, bu pikiri çynlakaýlaşdyrmak baradaky teklibi orta atdy.

Ýeri gelende aýtsak, şu günlerde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň