Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Mähirli Zenan» moda öýi sergide täze egin-eşik modellerini hödürledi

17:3428.06.2021
0
14398

Şu ýylyň 27-28-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzyň eksport önümleriniň sergisi geçirildi. Bu sergä ýurdumyzyň eksport önümlerine daşary bazarda isleg bildirýän öňdebaryjy senagat we önümçilik pudaklarynyň wekilleri gatnaşdy.

Ýurdumyzyň eksport önümleriniň sergisine gatnaşyjy «Mähirli Zenan» modalar öýi milli biçüwli geýim modellerini görkezdi. «Mähirli Zenan» modalar öýi bu gezekki sergide esasy ünsi üstki geýim modellerine gönükdiripdir.

Sergide myhmanlaryň dykgatyna ýapynjalaryň, donlaryň we geýimleriň nusgalary hödürlendi. Ähli modeller doýgun reňkli ýüpek, mahmal ýaly nepis matalardan tikilip, esasan açyk gyzyl, goýy ýaşyl, gara reňklerdäki milli nagyşlar bilen bezelipdir.

«Mähirli Zenan» modelleri milli geýim biçüwleriniň muşdaklarynyň arasynda giňden tanalýar.

«Mähirli Zenan» milli biçüwli häzirki zaman geýimleri bezegleri we gabarasy bilen tapawutlanýar.

«Mähirli Zenan» modelleri moda sergilerinde we moda dizaýnerleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlarda yzygiderli görkezilip, baýrak orunlara mynasyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň