Top.Mail.Ru

Sadyr Žaparow gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň geljegine uly ynam bildirdi

14:3728.06.2021
0
5266

«Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň täze, geljegi uly uly bolan mümkinçilikleri bar, şeýle hem parahatçylyk, howpsuzlyk meselelerini öz içine alýan möhüm halkara we sebit meseleleriniň birnäçesine doly düşünişmek we garaýyşlaryň ýakynlygy täze kynçylyklara we howplara garşy göreşmäge itergi berýär» — diýip, Sadyr Žaparow şu gün — 28-nji iýunda Aşgabatda giňeldilen görnüşde geçirilen türkmen-gyrgyz gepleşikleriniň dowamynda belläp geçdi.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary türkmen-gyrgyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň söwda, ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sadyr Žaparowyň belleýşi ýaly, Gyrgyzystan we Türkmenistan ýakyn dostlar, strategiki hyzmatdaşlar we dogan ýurtlardyr. Gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygy depginli ösýär, ýurtlarymyzyň arasynda syýasy gapma-garşylyk ýok. Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünliklerine we gazananlaryna tüýs ýürekden begenýär. Soňky ýyllarda köp asyrlyk taryhy, umumy däp-dessurlary, dil, medeni we ruhy mirasymyza esaslanýan ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykdy. Syýasy, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlardaky resminamalary öz içine alýan ikitaraplaýyn hukuk binýady kem-kemden artýar.

Sadyr Žaparow Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrundaky başlangyjyna doly ygrarlydygyny ýene-de bir gezek ynandyrdy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini mundan beýläk-de güýçlendirmek üçin tagalla etmäge taýýardygyny aýtdy.

Prezidentiň pikiriçe, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmekdir. Häzirki wagtda iki ýurduň söwda, energetika, ulag we agrosenagat toplumynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri bar.

Döwlet Baştutany munuň üçin ähli zerur şertleri we mümkinçilikleri bolan Gyrgyzystanda maýa goýum taslamalaryna türkmen işewürleriniň giňden gatnaşmagyna umyt bildirdi. Şeýle-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryndan biri syýahatçylyk pudagyndaky özara gatnaşykdyr.

Iki dogan halkymyzyň çuňňur taryhy we ruhy kökleri, dilleriň we medeni däp-dessurlaryň meňzeşligi bar. Olary gorap saklamak, şeýle hem gyrgyz-türkmen ynsanperwerlik gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak möhümdir. Iki halkyň ruhy taýdan ýakynlaşmagynyň gyrgyz we türkmen halklarynyň arasynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň pugtalanmagyna goşant goşýandygyny göz öňünde tutup, koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaý kadalaşandan soňra özara Medeniýet günlerini geçirmegi teklip etmek isleýärin.

Prezident Sadyr Žaparow gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýändigini tassyklady, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyzystana resmi sapar bilen çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň