Fransuz suratkeşi Žan-Honore Fragonardyň (1732 ― 1806) döredijiligine degişli surat Epernaýda (Fransiýa) auksionynda 7,68 million ýewro satyldy. Ýöne suratyň başlangyç bahasy 1,2 million dollardy diýip, «rambler.ru» habar berýär.
«Okaýan filosof» diýlip atlandyrylýan bu eser şu ýylyň mart aýynda hususy öýleriň birinde tötänleýin tapyldy. Suratkeşiň dosty Pýer Adolph Hallda saklanan we 200 ýyllap gadyry bilinmedik suratyň asyl bahasy indi belli boldy.
Rokoko we Neoklassiki usullarynda işlän fransuz suratkeşi we çaphanaçysy Žan-Honore Fragonard 550-den gowrak surat eseriniň awtorydyr.