Arhiw

Türkmenabatdaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Medeniýet hepdeligi ― 2021»-iň ýapylyş dabarasy geçirildi

21:5327.06.2021
0
4067
Türkmenabatdaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Medeniýet hepdeligi ― 2021»-iň ýapylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Şu baýramçylyga gabatlanan Medeniýet hepdeligi — 2021 hem “Türkmeniň ak öýi” binasynda sungat ussatlarynyň gala-konserti bilen tamamlandy.

Baýramçylyk dabaralary Türkmenabat şäheriniň merkezinde ýerleşen we türkmen nusgawy şahyrlarynyň ýedisiniň ýadygärligi oturdylan “Ýedigen” seýilgähinde başlandy. Bu ýerde görnükli akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy boldy.

“Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty” atly edebi-sazly kompozisiýada hut şu ugurlar öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň bäş welaýatynyň artistleriniň, aýdymçylarynyň we folklor toparlarynyň bilelikdäki çykyşlarynda sungatyň ylham beriji güýji beýan edildi.

Konsertiň dowamynda halk aýdym-sazlaryna, häzirki zaman sungat eserlerine, yşky-liriki aýdymlara, milli şahyrana we nusgawy saz eserlerine möhüm orun berildi. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine döredilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Arkadag Prezidentimiziň beýik işlerini wasp edýän aýdymlar baýramçylyk çäresiniň baş bezegine öwrüldi.

Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary “Biz — bagtyýar çagalar” atly kompozisiýada çykyş eden milli sungatymyzyň ýaş wekilleriniň çykyşlaryna berlen ýokary baha boldy. “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň!” atly kompozisiýada çykyş eden bagşylar topary ajaýyp aýdymlaryny ýurdumyzyň welaýatlaryna mahsus äheňde ýerine ýetirdiler. Olaryň bilelikdäki çykyşlary milli saz medeniýetiniň örän baý many-mazmuna we ýörelgelere eýedigini görkezdi.

Ajaýyp sahnada artistleriň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan sahna eserlerinden parçalar görkezildi. Şunuň ýaly dabaraly pursatlar bilen utgaşýan çykyşlaryň çäklerinde we hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyna laýyklykda, hepdeligi Lebap welaýatyndan Mary welaýatyna geçirmek çäresi boldy.

Umumadamzat möçberindäki gymmatlyk hökmünde ykrar edilen we milli medeniýetiň ruhy güýjüni, sazlaşygyň kuwwatyny özünde jemleýän gadymy “Küştdepdi” tansy konserte aýratyn bezeg berdi. Bu ýerde guralan baýramçylyk çäreleri milli sungatyň gadymy ýörelgeleriniň häzirki zaman tejribeleri bilen arabaglanyşyklydygyna ýene bir ýola göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

“Gahryman Arkadag — dillerde sena” ady bilen ýaňlanan belent owazly aýdym “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen baýramçylyk konsertini jemledi.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň