Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

22:0026.06.2021
0
4270
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Oguz han adyndaky köşkler toplumynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Talant Sultanowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milletiň Liderine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň hoşniýetli sözlerini ýetirdi.

Döwlet Baştutany dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine we halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýdyp, Gyrgyzystanyň Baştutanynyň ýurdumyza boljak resmi saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna, däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa strategik häsiýet bermäge gönükdiriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine üns berildi. Ikitaraplaýyn artýan gyzyklanmalary we iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň özara baglanyşygyny nazara almak bilen, bu ugurda ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işi ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Gyrgyz Lideriniň resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatda Türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň we Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň geçirilmegi söwda-ykdysady ulgam boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleri döreder.

Döwlet Baştutany we ilçi şu ýyllaryň dowamynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ynanyşmak esasynda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmaga, iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyny üpjün edýän täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýardygyny nygtadylar.

Iki ýurduň halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň ýakyndygy dürli ugurlardaky türkmen-gyrgyz özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin amatly ýagdaýy döredýändigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, goňşy ýurtlar Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň saklanmagy, sebitde gadymy hoşniýetli goňşuçylyk hem-de birek-birege hormat goýmak däpleriniň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýärler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi hem-de dostlukly döwletiň täze Baştutany bilen ilkinji duşuşygyň üstünlikli boljakdygyna, doganlyk halklaryň mizemez dostluk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň ýakynlygy esasynda ýola goýulýan häzirki döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň