Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçiriler

22:1525.06.2021
0
4828

25-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk boýunça nobatdaky mejlisiniň barşynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen tarapyndan başlygy, energetika ministri Ç.Purçekow Gyrgyzystanyň Prezidentiniň 27-28-nji iýunda Türkmenistan boljak resmi saparyna hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ýörelgesiniň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu ýurduň halky bilen türkmen halkyny öňden gelýän dostluk gatnaşyklary hem-de medeni we ruhy däpleriň taryhy taýdan kemala gelen umumylygy birleşdirýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Lider ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, muňa özara haryt dolanyşygynyň oňyn depgininiň hem aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.
Döwlet Baştutany Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň möhümdigini nygtap, hödürlenen maksatnama käbir düzedişleri girizdi we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna hem-de hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen tarapyndan başlygyna, energetika ministrine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň