Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro ― 2020-de 1/8 finala gatnaşyjylaryň ählisi mälim boldy

15:0124.06.2021
0
5941

Ýewro ― 2020-niň çäginde düýn geçirilen duşuşykda Ispaniýa Slowakiýany 5:0 hasabynda ýeňdi, Portugaliýa bolsa Fransiýa bilen 2:2 hasabyndaky deňlik bilen oýnady. Edil şeýle hasap Germaniýa ― Wengriýa duşuşygynda hem ýüze çykdy.

Şeýlelikde, ýaryşyň toparçalaýyn duşuşyklary tamamlanyp, nobatdaky saýlama tapgyryna çykan milli ýygyndylar belli boldy. Toparçalarda ilkinji iki orny Italiýanyň, Belgiýanyň, Niderlandlaryň, Angliýanyň, Şwesiýanyň, Fransiýanyň, Uelsiň, Daniýanyň, Awstriýanyň, Horwatiýanyň, Ispaniýanyň we Germaniýanyň ýygyndylary eýeledi.

Şeýle hem iň gowy üçünjileriň hatarynda Portugaliýanyň, Çehiýanyň, Şweýsariýanyň we Ukrainanyň ýygyndylary 1/8 finala çykdylar.

Yklym çempionatynyň nobatdaky tapgyry 26-njy iýunda başlar. Şol gün Amsterdam şäherinde Uels bilen Daniýa, Londonda bolsa Italiýa bilen Awstriýa duşuşar.

Saýlama tapgyry Olimpiýa ulgamyna laýyklykda, utulan toparyň ýaryşdan çykmagy bilen dowam eder.

UEFA-nyň resmi saýtynda yklym çempionatynyň 1/8 finalynyň ähli duşuşyklarynyň rejenamasy ýerleşdirildi.

Ýeri gelende aýtsak, çempionatyň final duşuşygy 11-nji iýunda London şäherindäki «Uembli» stadionynda geçiriler. Şol gün 7 ― 8-nji iýun günlerinde geçirilen ýarym final duşuşyklarynyň ýeňijileri yklymyň çempiony bolmak üçin göreşerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň