Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

23:3223.06.2021
0
4726

27-28-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Oňa Türkmenistanyň öňdebaryjy önüm öndürijileri gatnaşarlar. Guramaçy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. Bu barada guramaçy edaranyň resmi saýty habar berýär.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda wirtual görnüşde geçiriler. Munuň özi gatnaşyjylara we myhmanlara hyzmatdaşynyň teklipleri bilen has giňden tanyşmaga we hödürlenýän eksport harydynyň hiline baha bermäge ýardam eder.

Sergide daşary ýurtlara eksport etmäge niýetlenilen harytlary öndürýän kärhanalar öz önümleri bilen tanyşdyrarlar. Olaryň hatarynda Dokma senagaty ministrligi, nebit-himiýa senagaty, agrosenagat toplumyna degişli kärhanalar, şeýle-de iýmit önümlerini öndürýän kärhanalar bar.

Serginiň esasy maksady Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini açyp görkezmekden we daşary ýurtly kompaniýalar bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň