Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Netflix” üçin kino surata düşürer

11:3823.06.2021
0
601

Tanymal amerikan kinorežissýory Stiwen Spilbergiň “Amblin Partners” kompaniýasy internetde abuna ýazylyşygy esasynda wideoönümleri hödürleýän iri “Netflix Inc.” gullugy bilen köp ýyllyk geleşik baglaşdy.

“Netflix” üçin Spilberg bilen hyzmatdaşlyk örän bähbitli bolar diýlip garaşylýar, sebäbi soňky döwürde bu kompaniýa “Walt Disney Co” we “Amazon.com Inc.” kompaniýalary tarapyndan barha ýitileşýän bäsdeşligine sezewar bolýar.

Gullugyň dünýäde iň meşhur internet meýdança hökmünde öňdeligi saklaýandygyna garamazdan, ady tutulan bäsdeşleriň bu bazara täsiri hem-de abunaçylarynyň sany günsaýyn artýar. Meselem, “Amazon” geçen maý aýynda 8,45 millard amerikan dollaryna Golliwudyň “Metro-Goldwyn-Mayer” kinostudiýasyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdy, bu söwdalaşyk “Amazon” üçin bu baýry studiýanyň baý kino mirasyna ýol açar.

Şeýle-de Spilberg bilen geleşik “Netflix” üçin öz abunaçylaryna has köp filmleri hödürlemäge mümkinçilik döreder. Şu ýylyň dowamynda kinorežissýoryň kompaniýasy hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze çeper filmleriň 60-syny surata düşürmegi meýilleşdirýär.

Stiwen Spilberg “Amblin Entertainment” kompaniýasyny 1981-nji ýylda esaslandyrdy we bu kompaniýa tarapyndan onuň “Indiana Jons” we “Yza— geljege tarap” ýaly meşhur filmleriniň birnäçesi maliýeleşdirildi. 2015-nji ýylda kompaniýanyň ady “Amblin Partners” diýlip üýtgedilip, ol filmleriň önümçiligi bilen meşgullanyp başlady.

Ýeri gelende aýtsak, täze geleşik kompaniýanyň striming hyzmatlar gulluklary bilen ilkinji tejribesi däl, “Amblin” öň hem “Netflix”, “Apple TV+” we “Peacock” ýaly iri internet gulluklary üçin wideoönümleri öndürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň