Soňky habarlar

Arhiw

«Alem Shipping» – halkara deňiz ýükleri pudagynda ilkinji türkmen gämi gatnawy kompaniýasy

12:3422.06.2021
0
7708
«Alem Shipping» – halkara deňiz ýükleri pudagynda ilkinji türkmen gämi gatnawy kompaniýasy

«Älem Dostlugy» köpugurly işewürlik jemgyýeti Türkmenistanda ýerleşýän «Alem Shipping» atly ilkinji türkmen gämi gatnawy kompaniýasynyň täze bölümini açdy. Täze bölüm Gara, Marmara, Ortaýer deňzi – Hazar deňzi ugrunda halkara deňiz ýük daşamak pudagynda hyzmatlaryny hödürleýär.

«Alem Shipping» kompaniýasy öz müşderilerine Wolga-Don kanalynyň gämi gatnawy möwsüminde deňiz arkaly ýük eltmegiň durnukly tertibini hödürleýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa ýük ätiýaçlandyryşyny, «pre-carriage» (önüm öndürijiden, ammardan harytlary eltip bermegi), harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegini üpjün edýär, şeýle hem halkara multimodal we intermodal ýük daşamagy we taslama logistikasyny amala aşyrýar.

«Alem Shipping» kompaniýasy topar, umumy, köpçülikleýin konteýner ýüküni, köp, aşa köp, agyr, zaýalanýan ýük görnüşlerini, şeýle hem enjamlar we tehnikalar ýaly ýük görnüşlerini daşamagy amala aşyrýar.

«Alem Shipping» ISO-nyň halkara hil standartlaryny girizmeklik bilen, köp sanly önümçilik we guramaçylyk işlerini ep-esli derejede amatlylaşdyrýar, kompaniýanyň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrýar, türkmen logistikasyny täze derejä çykarýar.

«Alem Shipping» kompaniýasy tarapyndan harytlary deňizde daşamak baradaky her haýyş, müşderiniň esasy isleglerini göz öňünde tutup aýratynlykda işlenilýär. Ýokary bäsdeşlik bahalary kompaniýanyň ähli müşderilerine hödürlenýär.

Gämileriň Türkiýe portlaryndan Türkmenistana gitmeginiň tertibi her hepde-de düzülýär.

«Alem Dostlugy» köpugurly işewürlik jemgyýetiniň 4 sany pudagy bar, olaryň her biri biri-birine garaşsyz ösýär. Kompaniýa ulag we logistika hyzmatlaryny bermek, agrosenagat toplumynda taslamalary durmuşa geçirmek, satmak, şeýle hem çig mal, azyk önümleri, enjamlary, nebit we gaz pudagy üçin ätiýaçlyk şaýlaryny paýlamak, import we eksport etmek bilen meşgullanýar.

Kompaniýa bilen habarlaşmak üçin şu ýere basyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň