2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde Hytaýa tebigy gaz ibermekde Türkmenistan Russiýadan hem öňe geçdi.
Interfaks habarlar gullugynyň HHR-iň Baş gümrük müdirligine salgylanyp berýän habaryna görä, 2021-nji ýylyň aprelinde Hytaý turbageçiriji arkaly 4,227 milliard kub metr teýigy gazy (bir ýyl öň 3,427 milliard kub metr) import edipdi. Şunda Türkmenistan 2,576 milliard kub metr, Russiýa 487 million kub metr, Gazagystan 617 million kub metr, Özbegistan 229 million kub metr, Mýanma 318 million kub metr tebigy gazy üpjün etdi.
2009-njy ýylda gaz geçirijisi işe başlaly bäri Hytaýa türkmen gazynyň eksporty 300 milliard kub metre ýetdi.
Hytaý Türkmenistanyň gaz pudagynda iň uly hyzmatdaşydyr. Şu aýda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Hytaýyň gaz geçirijisiniň gurluşygy we dünýäniň iň uly gaz ýatagy bolan «Galkynyş» üçin 8 milliard dollardan gowrak karzyny doly töländigini habar berdiler. Golaýda bolsa Hytaýyň CNPC kompaniýasy bu gaz ýatagynda täze guýulary gurmak üçin hyzmatlary hödürlemek boýunça halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy.
Taslama 30 aýlap işlenip düzüldi. 2007-nji ýylda gol çekilen şertnama laýyklykda, kompaniýanyň hyzmatlary üçin töleg üç ýyllap HHR-e ýyllyk 17 milliard kub metr tebigy gazyň hasabyna amala aşyrylar.