Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişi BMG-niň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

11:3721.06.2021
0
2428
Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişi BMG-niň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Gutlag hatynda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan BMG-niň Baş sekretaryna üstünlikleri arzuw etdi.

«Türkmenistan häzirki wagtda halkara durmuşyň ähli wajyp ugurlaryny öz içine alýan Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär» diýip, milletiň Lideri nygtady.

Döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň häzirki wagtda deňhukuklylyk ýörelgesine we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda ählumumy meseleleri çözmekde, dünýä tertibini üpjün etmekde, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli, öňdebaryjy halkara edara hökmünde çykyş edýändigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişiň BMG-niň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen geljekde hem bu guramanyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözülmeginde onuň ornunyň güýçlenmegine, şeýle hem Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany BMG-niň Baş sekretaryna jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň