Soňky habarlar

Arhiw

Ýerewanda ermeni dilinde türkmen edebiýatynyň antalogiýasy taýýarlanar

12:5819.06.2021
0
5383

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde şeýle çäreleriň ýene-de biri geçirildi. Ýagny «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň» çäklerinde, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, bu ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda uzak aralykdan teleköpri arkaly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ylmy maslahatda Magtymguly adyndaky TDU-nyň we ÝDU-nyň professor-mugallymlary Magtymgulynyň ynsanperwer garaýyşlary, umumadamzat gymmatlyklary, Ermenistanda türkmen nusgawy edebiýatyny wagyz etmek, Magtymguly we Gündogar edebiýaty, Magtymgulynyň goşgularyny ermeni diline terjime etmegiň aýratynlyklary ýaly temalardan çykyş etdiler. Beýik söz ussady Magtymguly atamyzyň goşgularyndan talyplaryň ýerine ýetiren çeper okaýyşlary has-da täsirli boldy. Ylmy çykyşlaryň dowamynda sowal-jogap alşyldy.

Ylmy maslahata gatnaşan, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amaliýa Petrosýan şeýle gürrüň berdi:

— Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde halkara dost-doganlyk gatnaşyklary täze, belent derejelere göterilýär. Muny biz türkmen-ermeni gatnaşyklarynda görýäris. Şu günki ylmy-usuly maslahat hem munuň aýdyň beýanydyr. Türkmen kärdeşlerim bilen geçirilen maslahata gatnaşandygyma örän şatdyryn. Özara tejribe, sowal-jogap alyşmak biz üçin uly mekdep. Bu teleköpri arkaly kärdeşlerimiziň ylmy çykyşlaryny diňledik. Durmuşa geçirilýän işler, ylmy nutuklar babatda özara pikir alyşdyk. Munuň işimiziň ilerlemegine ýardam berýändigini aýtmak has-da guwandyryjydyr.

Türkmen Lideri dünýäniň alymlarynyň, bilermenleriniň bir-biri bilen pikir hem-de tejribe alyşmagyna şert döredýär. Ýurtlaryň arasynda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijesinde uly işleriň bitirilýändigini aýtmak has-da ýakymlydyr. Goý, bu dostlukly hyzmatdaşlyk gülläp össün!

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow şeýle belledi:

— Türkmeni Magtymgulusyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysy Magtymguly özünden soňky şahyrlara dil arassalygyny, sözüň ötgürligini, adamlary ruhy we ahlak taýdan bitewüleşdirýän terbiýe mekdebini galdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen edebi dilini esaslandyran Magtymgula goýýan sarpasy örän uludyr. Milli Liderimiz beýik söz ussadynyň nesillere goýup giden edebi mirasyny milli gymmatlyklaryň ýokary derejesine çykarýar. Ine, bu babatda ylmy çykyşlarda beýan edildi. Ermeni kärdeşlerimiz bilen onlaýn görnüşde geçirilen teleköpri özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň