Aziýa kubogy ― 2023-iň nobatdaky saýlama tapgyry üçin bije çekilişik 24-nji iýunda geçiriler

11:1219.06.2021
0
5786

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy Aziýa kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyrynyň bije çekilişiginiň 24-nji iýunda geçiriljekdigini resmi saýtynda habar berdi.

Şol bije çekilişigiň netijesinde saýlama duşuşyklary şu ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda geçiriler. AFK tapgyryň beýleki duşuşyklary barada koronowirus pandemiýasynyň ýagdaýyna baglylykda biraz soňrak karara geler.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň yklym çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanandygyny ozal habar beripdik. Ýeri gelende aýtsak, Aziýa kubogy ― 2023 şol ýylyň 16-njy iýuny ― 16-njy iýuly aralygynda Hytaýyň 10 şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň