Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň ýüpek egriji fabriginde şu ýylky pile gaýtadan işlenip başlandy

15:3818.06.2021
0
10900

Aşgabadyň ýüpek egriji fabriginde 2100 tonnadan gowrak ýokary hilli şu ýylky pile gaýtadan işlenilip başlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Kärhananyň işgärleri her gün getirilen çig maly saýlap, ony pile işlenýän sehe ibermek, alnan ýüpleri saramak we arassa ýüpek galyndylaryny gaýtadan işlemek ýaly işleri ýerine ýetir ýärler. Işiň esasy bölegi dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan enjamlarda amala aşyrylýar.

Pile saraýjy enjamdan alnan ýüpek kiçi leklekilere saralýar. Olara belli bir bölegi saralandan soň ýüpek kiçi leklekilerden ini 1,5 metrlik uly çarha oralýar. Ýüpek çalt saralar ýaly kiçi leklekilerden uly çarha geçirmezden ozal ony wakum-enjamda suwa ezýärler.

Seýlelikde, pile saraýyş sehinde günde 1,5 tonna ýüpek çig maly işlenilýär, özi-de ir piläniň ýüpek süýümi 600-800 metre ýetýär.

Goýras-sary reňkli taýýar ýüpek sapaklardan ýüplük taýýarlanyp, ol Aşgabadyň panbarhat fabrigine ugradylýar. Şeýle hem berk ýüpek sapaklary ýüpek ýaglyk, haly, haly torbalary we beýleki harytlary öndürýän telekeçiler hem satyn alýarlar.

Aşgabadyň ýüpek egriji fabrigi Türkmensitanyň dokma senagatynyň baýry kärhanalarynyň biridir. Kärhana 1928-nji ýylda işe girizildi. Häzirki wagtda ol önümler diňe bir ýurdumyzda ulanylman, eýsem Eýrana, Türkiýä, Hytaýa eksport edilýän ýokary tehnologiýaly döwrebap önümçilikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň