Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda saýlaw toparlarynyň düzümi täzelenýär

22:1716.06.2021
0
6897

Şu günler Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanýandygy bilen baglylykda, olary täzeden döretmek we düzümine wekilleri hödürlemek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.

2016-njy ýylyň iýun aýynda döredilen welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda we Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, bu düzümler Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Olaryň saýlawlary köp partiýalylyk ýörelgeleri esasynda geçirilýär. Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.

Mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp, her mejlisde we ýygnakda welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparynyň düzümine diňe bir wekil hödürlenilip bilinýär.

Saýlaw toparlarynyň düzümine döwlet syýasatynyň maksatlaryna we ähmiýetine hem-de saýlaw kanunçylygyna düşünýän, islendik ýaşdaky, dürli pudaklarda zähmet çekýän tejribeli hünärmenler hödürlenilýär. Olar geljekde öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda, ýurdumyzda saýlaw möwsümleriniň ýokary taýýarlyk we guramaçylyk derejesini üpjün etmäge işjeň gatnaşarlar.

Şu nukdaýnazardan, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümi hem geljek bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda demokratik esaslarda geçiriljek dürli görnüşli saýlawlara işjeň gatnaşar. Şeýlelikde, olar döwletimiziň demokratik ýörelgeleriniň berkidilmegini üpjün ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň