Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýa kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyryna çykdy

14:0616.06.2021
0
23955

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ugrunda 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek ýaryşyň üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

Ikinji saýlama tapgyryň netijesinde Dünýä çempionaty ― 2022-niň nobatdaky saýlama duşuşyklaryna gatnaşjak milli ýygyndylar hem mälim boldy. Olar şol bir wagtyň özünde Aziýa kubogy ― 2023-e gönüden-göni gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Galan 11 ýollanma üçünj saýlama tapgyryň duşuşyklaryndan soňra belli ediler.

Bu tapgyrda 22 milli ýygyndy ýaryşar. Häzir olaryň 20-si belli Olaryň hatarynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy hem bar. Galan iki ýygyndy saýlama duşuşyklaryň netijesinde belli bolar.

Has takygy, Aziýa kubogynyň nobatdaky saýlama tapgyryna gatnaşmaga şu ýygyndylar hukuk gazandy: Özbegistan, Iordaniýa, Bahreýn, Gyrgyzystan, Palestina, Hindistan, Tailand, Täjigistan, Filippinler, Türkmenistan, Kuweýt, Owganystan, Malaýziýa, Singapur, Mongoliýa, Gonkong, Maldiwler, Şri-Lanka, Nepal, Mýanma, Ýemen, Bangladeş.

Indoneziýanyň, Kambojanyň, Taýwanyň we Guamyň milli ýygyndylary bolsa üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin saýlama duşuşyklaryny geçirer. Olaryň arasyndan ýeňiji bolan iki ýygyndy bu hukuga eýe bolar.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy nobatdaky garşydaşlaryny 24-nji iýunda geçiriljek bije çekilişigiň netijesinde biler. Täze tapgyra şu ýylyň sentýabr aýynda badalga berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň