«Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak meýilleşdirilýär.
Energetika ministri Ç.Purçekow döwlet Baştutanynyň garamagyna bekediň şekil taslamalaryny, şeýle hem Ahal hem-de Daşoguz döwlet elektrik beketlerini utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň meýilnamasyny hödürledi. Şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny goňşy döwletlere ibermek boýunça geçirilýän işler barada giňişleýin maglumat berildi we degişli taslamalar görkezildi.
Bellenilişi ýaly, bu işiň geçirilmegi bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň netijeliligi 34 göterimden 52 göterime çenli ýokarlanar.
«Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak boýunça taslama Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan taýýarlanyldy. Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik beketleri goşmaça tebigy gazy sarp etmezden, öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, daşky gurşawa gidýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny birnäçe esse azaltmaga mümkinçilik berer.