Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Döredijilik merkezi gurlar

23:4515.06.2021
0
8632

Ýakyn ýyllarda Aşgabatda täze Döredijilik merkezi bolar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdulyýew milletiň Liderini bu merkeziň taslamasy bilen tanyşdyrdy.

Täze merkez şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurlar. Onda çagalaryň hem-de uly adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegi, sungatyň we medeniýetiň dürli ugurlary, şol sanda nakgaşçylyk, dizaýn sungatlary bilen meşgullanmagy, bu ugurda hünär başarnyklaryny artdyrmagy üçin döredilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary, olaryň bezegleriniň çyzgylary hödürlenildi.

Merkezi bezemegiň, abadanlaşdyrmagyň we ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga öwürmegiň aýratynlyklary barada jikme-jik maglumat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň