Soňky habarlar

Arhiw

“Boý Bodron” hususy kärhanasy müşderilerine toplaýyş kartyny hödürleýär

17:0815.06.2021
0
7409

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyryldy, derman senagatynyň önümçiligi we dermanhanalaryň sany, derman serişdeleriniň görnüşleri artdyrylýar. Dermanahanalarda edilýän hyzmatlar barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda “Boý Bodron” hususy kärhanasy hem eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli derman hem-de lukmançylyk serişdeleri bilen elýeter bahadan üpjün etmekde, halkymyza edilýän hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirmekde netijeli işleri alyp barýar. “Boý Bodron” hususy kärhanasy dürli döwrebap hyzmatlar bilen hatarda, müşderilerine toplaýyş kartlaryny hem hödürleýär.

Dermanhananyň toplaýyş kartyny ulanmagyň düzgüni:

  • “Boý Bodron” dermanhanasynda söwdaňyzyň 3% siziň toplaýyş kartyňyza bal görnüşinde geçýär.
  • 1 bal – 1 manada deňdir.
  • Toplanan ballary/manatlary “Boý Bodron” dermanhanasynda söwdä edeniňizde ulanyp bilersiňiz.
  • Eger-de ýylyň dowamynda kartyňyzda 1000 bal toplansa, onda siziň 3%-li toplaýyş kartyňyz, 5%-li toplaýyş kartyna çalyşylýar. (Söwdada ulanylan ballar, tolaýyş kartynda saklanýar)
  • 5%-li toplaýyş karty boýunça size söwdaňyzdan 5% kartyňyza gaýtarylyp berilýär.

Müşderileriň iň ýokary isleglerini kanagatlandyrmak—“Boý Bodran” hususy kärhanasynyň baş maksadydyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň