Soňky habarlar

Arhiw

Farap etrabynda çagalar üçin täze seýilgäh guruldy

13:3415.06.2021
0
13266

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi peýda boldy. «Türkmenportala» habar berlişi ýaly, ol Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň çäginde açylyp, ulanylmaga berler.

Täze merkeziň gurluşygynyň baş potratçysy Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasy boldy. «Jemşidiň jamy» hususy kärhanasy bolsa bu ýerde kömekçi potratçy bolup işledi.

Ozal hem habar berlişi ýaly, Farap etraby 2016-njy ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň iň gowy etraby diýlip yglan edildi. Şol bäsleşigiň netijesinde etrap häkimligine berlen ABŞ-nyň million dollary möçberindäki pul baýragy täze merkeziň esasy maddy serişdesi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň