Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň satuwy geçirilýär

11:3615.06.2021
0
20131

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildiriş bilen habar berdi.

Bäs­le­şik­li söw­da­lar 2021-nji ýy­lyň 29-njy iýunynda sa­gat 10:00-da Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň ja­ýyn­da ge­çi­ril­ýär. Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 156-njy ja­ýy.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň 16 desgasy satuwa çykarylar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar. Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalar, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna di­ňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.

Ýüztutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň çap edilen gününden başlap, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylary hasaba almak bäsleşik geçirilýän güni sagat 9:00-da başlanýar. Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi, desgalar baradaky goşmaça maglumatlar ministrligiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi, degişli ugurdaş bölümleri tarapyndan berilýär. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylara hususylaşdyrylýan desgalar baradaky maglumatlar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär. Döwlet eýeçiligindäki desgalar onuň borçnamalary bilen bilelikde hususylaşdyrylýar.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon belgileri:

Aşgabat şäherinde (+993 12) 92-26-11; 39-46-69/70/75;

Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21; 33-1-80;

Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34; 7-89-17; 7-89-53;

Daşoguz şäherinde (+993 322) 9-10-19; 9-15-10;

Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52; 6-11-59;

Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87; 6-06-41.

Şu maglumatlar aşakdaky internet sahypasynda hem ýerleşdirildi: www.fineconomic.gov.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň