Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepe etrabynda dokma önümleriniň täze dükany açyldy

10:3015.06.2021
0
8028

Gökdepe şäherinde açylan «Gala» dükany ilata ýokary hilli dokma önümlerini hödürleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ol dokma önümlerine ýöriteleşdirilen dükanlaryň üstüni ýetirip, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynda ýerleşýär. Dükan tikinçilik bölüminde öndürilýän «Gala» haryt nyşanly, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply dokma önümleriniň badabat ilata hödürlenmegine mümkinçilik berýär.

«Gala» haryt nyşanly dokma önümleri bu gün ýurdumyzda uly meşhurlyga eýedir. Olaryň hatarynda dürli biçüwdäki dokma önümleri, uly we kiçi ýaşdakylara niýetlenen lybaslar bar. Täze dükanyň işe başlamagy bilen, etrabyň ýaşaýjylaryna türkmen pagtasynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde taýýarlanylýan ýokary hilli matalardan dokalan lybaslaryň dürli görnüşlerini satyn almaga giň mümkinçilik döredi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň