Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynda alnyp barylýan oba hojalyk işlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

23:2914.06.2021
0
6723

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 591 müň 242 tonna bugdaý hasyly ýygnalyp, bu ugurda bellenilen meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 42,23 göterime deň boldy. Ýokary öndürijiligi bolan galla kombaýnlarynyň jemi 2 müň 111-si gije-gündiziň dowamynda işledilýär. Şol bir wagtyň özünde orak möwsüminde işleýänler üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem etraplarda döredilen abatlaýjy we sazlaýjy toparlar oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek maksady bilen, ýerlerde tehniki hyzmaty alyp barýarlar.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýygnalýan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi, kabul edilen hasylyň ammarlarda we elewatorlarda talabalaýyk saklanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanýandygy habar berildi. Mundan başga-da, galladan boşan ýerlerde degişli agrotehniki işler talabalaýyk derejede ýola goýulýar. Munuň özi aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin zerur şertleri üpjün edýär.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitiň ak ekinli meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, orak möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň, ýük awtoulaglarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak, galla kabul ediş bölümlerinde hasyly bökdençsiz kabul etmek boýunça işleri talabalaýyk guramakda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Welaýatda 145 müň gektar meýdanda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Şu ýyl daşoguzly gallaçylar Watan harmanyna 265 müň tonna bugdaý hasylyny tabşyrmagy meýilleşdirýärler.

Şu güne çenli Watan harmanyna 18 müň 756 gektar meýdandan 34 müň tonnadan gowrak däne ýygnaldy. Bu bolsa bellenilen meýilnamanyň 12,96 göterim ýerine ýetirilendigini, her gektaryň hasyllylygynyň 18,3 sentnere deň bolandygyny aňladýar. Şu möwsümde ýokary öndürijilikli däne kombaýnlarynyň 439-sy bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň 28-si hereket edýär.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, gallaçylara arakesme wagtynda meýdan düşelgelerinde göçme söwda we beýleki hyzmatlar ýola goýulýar hem-de artistleriň çykyşlary guralýar.

Soňra welaýatyň etraplarynyň häkimleri orak möwsüminiň barşy barada hasabat bilen çykyş etdiler. Şeýle hem milletiň Lideri Görogly etrabynda bugdaý oragynda işleýän kombaýnçy D.Kurtbaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň