Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda geçirilen kabul edişlige gatnaşdy

18:5514.06.2021
0
24568

Russiýanyň güni mynasybetli 12-nji iýunda dostlukly döwletiň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bu dabara hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Şeýle hem saýtyň ýazmagyna görä, Russiýanyň güni mynasybetli Türkmenistanda şu çäreler geçirildi:

  • A.S.Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebiniň 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda bäsleşik;
  • Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisiniň ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen brifingi;
  • Russiýanyň ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölümi tarapyndan guralan Türkmenistanyň halk artisti G.Neymarkyň ýolbaşçylygyndaky «Mukam» skripkaçylar toparynyň konserti.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň