Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýene bir täze operanyň ilkinji görkezilişi bolar

20:5612.06.2021
0
9788
Türkmenistanda ýene bir täze operanyň ilkinji görkezilişi bolar

Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli mazmunly birnäçe çäreler guralar. Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan «Gül — Bilbil» operasynyň ilkinji görkezilişi bolar.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Şeýle hem hasabatda nygtalyşy ýaly, 22 — 27-nji iýun aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek hepdeligiň maksatnamasy dürli çäreleri, şol sanda maslahaty, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertlerini, çeper filmleriň ilkinji gezek görkezilişini hem-de ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşygyny, welaýatyň taryhy-medeni ýadygärliklerine barlyp görülmegini özünde jemleýär.

Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň, Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we Farap etrabynda “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň