Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda we doly möçberde gaýtaryp berdi

15:3912.06.2021
0
50017

“Türkmengaz” döwlet konserni türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmaga we dünýädäki iň iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtaryp berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen sanly aragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu bergiler doly gaýtaryldy. Bu barada Hytaýyň Döwlet ösüş bankynyň Sinzýan şahamçasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda resmi habar berildi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, görlen çäreleriň netijesinde, Türkmenistanyň öz ösüşiniň ýokary depginini, maliýe-ykdysady durnuklylygyny saklap galýandygyny nygtady. Şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda we doly möçberde gaýtarandygyny belledi. Munuň özi ýurduň ykdysady taýdan kuwwatly we gurply, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly hem-de jogapkärli çemeleşýän döwletdigini görkezýär. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar.

Milli Lider wise-premýere gaz ulgamynda bar bolan döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, täze özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň