Soňky habarlar

Arhiw

Seul howa taksi ulgamyny işe girizer

16:3011.06.2021
0
4789

«Hyundai Motor» awtokonserni Seulda «Şäher howa hereketi ekoulgamyny» ýa-da howa taksi ulgamyny döretmegi maksat edinýär. Bu ulgam 2028-nji ýylda doly ulanylmaga berler.

Seulda «Şäher howa hereketi ekoulgamynynyň» ýa-da howa taksi ulgamynyň ulanylmaga berilmegi bilen Gimpo halkara howa menzilinden howa taksi hyzmatlaryndan peýdalanmak we 70 kilometre çenli uçmak mümkin bolar.

«Urban Air Mobility» (UAM) ekoulgamynyň «Vertiport» atly howa taksi gonuş bekedi başlangyjynyň başlanmagyna garaşylýar. Ýöne ulaglaryň özleri barada heniz jikme-jik maglumat ýok.

Seuldan başga-da, Los-Anjelesde «Urban Air Mobility» ekoulgamyny durmuşa geçirmek boýunça gepleşikler alnyp barylýar we Beýik Britaniýada «Vertiport» atly howa taksi gonuş bekedi taslamasynyň görkeziliş dabarasy şu ýylyň ahyrynda meýilleşdirilýär. Bu barada ixbt.com habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň