Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljekki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

23:3508.06.2021
0
7129

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi.

Söhbetdeşligiň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilendigi we geçirilýändigi şol hyzmatdaşlygyň netijesi bolup durýar. Sebit we dünýä ösüşiniň bar bolan kuwwatyndan, ileri tutulýan wezipelerinden ugur almak bilen, sanly ykdysadyýet, durnukly energetika we energiýa howpsuzlygy, ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini rejeli ulanmak, Aral bilen baglanyşykly meseleler özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolup durýar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn demokratik özgertmeleri, häzirki ýagdaýlaryň hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmagyň esasynda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen ÝHHG-niň ugurdaş düzümleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň, parlamentara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Şeýle hem sebitleýin we halkara derejede häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmekde, şol sanda serhetýaka jenaýatçylyga, terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmakda we kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygy tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen şu ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmak, energetika, ulag diplomatiýasy, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmak hem-de onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmek boýunça başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi. Şu babatda owgan tarapyny çekmek arkaly energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şol taslamalaryň hatarynda TOPH gaz geçirijisiniň, demir ýoluň, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy bar. Şolar tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň