Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Nefis Cosmetics»-den her aýda 80 tonna önüm alýar

16:3708.06.2021
0
13761

«Nefis Cosmetics» kompaniýasy Türkmenistana iki ýylda 1000 tonna çenli önüm iberdi. Bu barada «Trendiň» habarynda aýdylýar.

Russiýanyň tämizleýji serişdeleri «Nefis Cosmetics» kompaniýasynyň önümleriniň sanawyna «Bimax», AOS, «Sorti», «Biolan» ýaly meşhur markalar girýär.

Kompaniýa, 2018-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Türkmenistanyň iň uly distribýutory bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Hatda bu hyzmatdaşlyga koronowirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlar hem täsirini ýetirmedi.

Ýükler mundan ozal diňe gara ýol bilen getirilen bolsa, indi demir ýollaryň hyzmatyndan hem peýdalanylýar. Türkmenistan bu kompaniýanyň önümleriniň her aýda 80 tonnasyny import edýär.

«Nefis Cosmetics» Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy we bu bazardaky önümleriň görnüşini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň