Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tokio Olimpiýa oýunlarynda daşary ýurt metbugatynyň hereketine GPS arkaly gözegçilik ediler

15:5808.06.2021
0
4470

Tokio Olimpiýa oýunlarynda daşary ýurt metbugatynyň hereketi Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan berk gözegçilikde saklanylar. Bu barada TASS habarlar agentligi habar berýär.

"Tokio 2020" Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Seýko Haşimoto: "Žurnalistleriň hereketine GPS arkaly, özleri üçin bellenen zolaklardan çykmazlygy üçin berk gözegçilik ederis" –diýip belledi.

Tokio Olimpiýa oýunlaryny ýazga geçirmeklik üçin Ýaponiýa gelen daşary ýurtly žurnalistlerine jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmaklyk gadagan ediler we olar üçin şäher boýunça iş saparlary diňe bellenen ýerler bilen çäklendiriler. Şeýle çäreler koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almaklyk maksady bilen geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň