Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Owganystan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

21:4706.06.2021
0
9096

Owganystanyň Hyrat welaýatynda Owganystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri ykdysady gatnaşyklar, şeýle-de syýasy ugur boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada maslahat geçirdiler.

Düýn we şu gün dowam eden gepleşikleriň barşynda türkmen we owgan tarapy iki ýurduň arasynda bäş möhüm taslamasyny, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylyk ýoly bilen durnuklaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Tolo news” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Owganystanyň daşary işler ministri Muhammet Hanif Atmar, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan (TOPH0 gazgeçirijisiniň ähmiýeti, Türkmenistandan Hyrata elektrik geçirijisiniň we iki ýurduň arasynda demir ýoluň gurulmagy, Hyrat mermeriniň Türkmenistana eksport edilmegi we Lapis Lazuli koridorynyň üsti bilen ulag-üstaşyr gatnawlarynyň artdyrylmagy bilen bagly meseleler boýunça çykyş etdi.

Biz diňe bir Owganystan bilen Türkmenistany birleşdirjek däl, eýsem Günorta we Merkezi Aziýanyň arasyndaky baglanyşyk boljak demir ýol gurluşygyny hem ara alyp maslahatlaşarys. Iki ýurduň ykdysady ösüş, abadançylyk, parahatçylyk, howpsuzlyk ýaly meseleler boýunça umumy pikirleri bar, sebit üçin we halkara jemgyýetçiligi üçin bu ýörelgeler barada dostlukly döwletleriň garaýyşlary gabat gelýär” diýip, Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy pugtalandyrylmagy, owganlar bilen ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge berk ygrarlydygyny, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky medeni umumylyklara bil baglamak bilen, saparyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň oňyn netijelere eýe boljakdygyny nygtady.

Daşary işler ministrleriniň ikisi-de Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de dowam etdiriljekdigine we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň