Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ÝB-niň we ÝG-niň Merkezi Aziýa üçin maksatnamasynyň Birinji Mejlisine gatnaşdy

15:4105.06.2021
0
5468

Ýewropa Birleşiginiň we Ýewropa Geňeşiniň bilelikdäki başlangyjy bilen Sebiti ýolbaşçy komitetiniň kanunyň hemme zatdan ýokarylygy boýunça Merkezi Aziýa üçin maksatnamanyň netijeleri boýunça Birinji Mejlisi onlaýn geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Bu maksatnama Ýewropa Birleşigi bilen Ýewropa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk çäginde işlenip düzülipdi we Ýewropa Geňeşi tarapyndan dört ýylyň dowamynda (2020 – 2023) amala aşyrylýar. Onuň esasy üç düzüm bölegi şulardyr:

Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda umumy kanun giňişligini döretmäge ýardam etmek we adam hukuklarynyň goragyny güýçlendirmek;

Ykdysady jenaýatlara garşy göreş çärelerine ýardam etmek;

Hökümet edaralarynyň we döwleti dolandyryş edaralarynyň netijeli işlemeklerine ýardam etmek.

Konferensiýa Ýewropa Birleşiginiň Gazagystandaky Ilçisi Swen-Olow Karlsson we Ýewropa Geňeşiniň maksatnamalary boýunça Baş müdirliginiň edara direktory Werena Teýlor, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, şeýle hem Ýewropa Birleşiginiň we Ýewopa Geňeşiň resmi şahslary gatnaşdylar.

Çäräniň çäginde maksatnamanyň bir ýarym ýyllyk işiniň netijelerine garaldy we onuň öňde duran durmuşa geçirilmeli döwri üçin, ýagny 2023-nji ýyla çenli bilelikde alnyp barylmaly işiň meýilnamalarydyr geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu taslamanyň çägindäki işiň esasy usullarynyň biri-de her ýurduň aýratynlyklaryny we isleglerini göz öňünde tutýan ýanaşma esasynda özgertmeler geçirmäge kömek etmekdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň