Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow hususyýetçileri goldamak boýunça nobatdaky çäreleri taýýarlamagy tabşyrdy

23:5104.06.2021
0
6044

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjowyň hem habar berşu ýaly, telekeçilige berilýän goldawyň netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şol önümleriň öndürilişiniň ösüş depgini şu ýylyň bäş aýynda degişlilikde 126 göterime hem-de 106,6 göterime barabar boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçiligi ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy pudagyna döwlet goldawyny bermek boýunça nobatdaky çäreleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany kiçi we orta telekeçilige, aýratyn-da, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalara maliýe we maddy-enjamlaýyn taýdan ýardam bermegi göz öňünde tutmagyň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň