Top.Mail.Ru

«Ýeňiş» tikin fabrigi «Victory» brendi bilen tanyşdyrdy

12:3103.06.2021
0
5067

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralan söwda toplumynyň sergisine Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigi toý sowgady bilen gelipdir. Has dogrusy, fabrigiň degişli wekilleri bu ýere gelen myhmanlara täze — «Victory» brendini tanyşdyrdylar ― diýip, «Biznes-Reklama» gazetiniň resmi saýty habar berýär.

Önümçiligi täze ýola goýlan köýnekler ýokary hilli, häzirki zaman öwüşginli, hem-de giň görnüşli bolup, olar dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Fabrigiň degişli hünärmeniniň habar bermegine görä, täze «Victory» brendi ýakyn wagtda dünýä bazarlaryna eksport ediler. Bu bolsa «Ýeňiş» tikin fabriginde öndürilýän önümleriň dünýä ülňülerine laýyk gelýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň esasy önümçiligi erkek adamlaryň we çagalaryň köýnekleri bolup, içerki bazarlarymyzda indi birnäçe ýyllardan bäri öndürilýän önümleriň oňat hilliligi bilen öňdebaryjylaryň hatarynda tanalyp gelýär.

Bu ýerde tikilýän köýnekleriň çig maly arassa ak pagta, ýüpek pagta, şeýle hem garyşyk düzümde (80%-pagta, 20%-polýester) bolup, klassyky, syrdaşdyrylan, bili gysylan siluetlerde, uzyn we gysga ýeňli görnüşlerde «Ýeňiş» haryt nyşany bilen halk köpçüligine hödürlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň