Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky söwda gatnaşygy artýar

11:5703.06.2021
0
13896

Bu barada Gresiýanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. «Trendiň» Gresiýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, geçen ýyl Türkmenistandan Gresiýa iberilýän önümler 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 80 göterim ýokarlandy we 40 million ýewro ýetdi. Gresiýanyň Türkmenistana eksporty 10 göterim ýokarlanyp, 2020-nji ýylda 2,1 million ýewro ýetdi.

Ministrlik 2020-nji ýylda Gresiýanyň esasan Türkmenistana mermer we örülen önümleri eksport edendigini we ol ýerden nebit ýaglaryny alandygyny aýtdy.

Çeşmäniň habaryna görä, 2019-njy ýylda Gresiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda 51,8 million ýewro boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň