Türkmenistanda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine badalga berildi

22:4302.06.2021
0
13692

2-nji iýunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançadan dabaraly ýagdaýda tomusky dynç alyş möwsüminde ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerine ugradylar.

Mekdep okuwçylary çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar hem-de tanslar bilen ugradyldy.

Owadan bezelen awtobuslaryň kerweni bellenilen ýere — ajaýyp dynç alyş öýlerine tarap ýola düşdi. Şol ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen çagalara mähirli kabul edişlik, baýramçylyk naz-nygmatlary hem-de dynç alyş çäreleri garaşýar.

Gökderäniň saýaly we pürli agaçlarynyň tokaýlygynda, dag çeşmesiniň kenarynda ýerleşýän döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri mekdep okuwçylary üçin gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde bagtyýar çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtlaryny şadyýan hem-de şowhunly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaga ýurdumyzyň Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri taýýarlyk gördüler.

Dynç alyş merkezlerinde dürli ýaşdaky çagalar üçin medeni-dynç alyş, döredijilik çäreleri hem-de sport ýaryşlary guralar. Ýokary hünärli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda gurnaklara gatnaşarlar, kompýuter programmalaryny öwrenerler hem-de daşary ýurt dillerini özleşdirerler, muzeýlere we teatrlara baryp görerler, sahna çykyşlaryny goýarlar, edebi okaýyşlary geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň