Soňky habarlar

Arhiw

«Güneşli Zaman» kinofestiwala hemaýatkärlik etdi

16:2002.06.2021
0
9766

10 ― 16-njy maý aralygynda türkmen paýtagtynda bir hepdäniň dowamynda türkmen filmleriniň we türkmen kinorežissýorlarynyň gysga göwrümli filmleriniň festiwal bäsleşigi geçirildi. Bu medeni çäräniň çäginde paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary türkmen kino ussatlarynyň eserleri bilen tanyşdylar.

Film festiwalyna hemaýatkärlik edenleriň arasynda «Güneşli zaman» kompaniýasy hem bar . Bu kompaniýanyň Türkmenistanyň Taý boks federasiýasynyň hemaýatkärleriniň hem biridigini bellemelidiris. Bu sport ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasyndaky meşhurlygyny barha artdyrýar.

«Güneşli Zaman» gozgalmaýan emläk boýunça iş alyp barýan kompaniýadyr. Onuň iş çygry diňe bir paýtagtda gozgalmaýan emläk satyn almak we satmak bilen çäklenmän, eýsem, aýratyn gurluşyklary hem öz içine alýar.

Mundan başga-da, «Güneşli Zamanyň» hünärmenleri öz müşderilerine birnäçe ugurdaş hyzmatlary ― 3D modelirlemegi ösdürmek, içerki dizaýn, iş babatynda kömek, şeýle hem satyn almak we baha bilen bagly hyzmatlary hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň