Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, ýurdumyzda pagta, bugdaý, şaly we gant şugundyry hasyllaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçilere “Daýhan karzy” atly karzy hödürleýär.
Karzyň möçberi - bir gezekde 10 000 (on müň) manatdan ýokary bolmadyk möçberde; döwlet tabşyrygyna degişli önümlerden alan öňki üç ýylynyň sap peýdasyndan hasaplanyp, onuň bir aýa düşýän ortaça möçberiniň 40 göteriminden geçmezlik şerti bilen;
Karzyň göterimi - ýyllyk 10 (on) göterim;
Karzyň möhleti - 1 (bir) ýyl;
Karzyň gaýtarylmaly möhleti - ekinleriň görnüşi boýunça:
- pagta hasyly boýunça - dekabr aýynyň 25-ne çenli;
- bugdaý hasyly boýunça - awgust aýynyň 25-ne çenli;
- şaly hasyly boýunça - oktýabr aýynyň 25-ne çenli;
- gant şugundyry boýunça - dekabr aýynyň 25-ne çenli.
Karzyň üpjünçiligi - tölege ukyply daýhan birleşiginiň kepil haty ýa-da girew emlägi.
Habarlaşmak üçin, telefon belgiler:
Aşgabat şäheri: 38-01-50, 38-01-64.
Ahal welaýaty: (8 00137) 33-4-39,
Balkan welaýaty: (8 00246) 5-21-51,
Daşoguz welaýaty: (8 00322) 9-38-67,
Lebap welaýaty: (8 00422) 9-13-48,
Mary welaýaty: (8 00522) 6-76-40.