Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge uly şahsy goşantlaryny goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Dabaraly çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlaýan oňyn hem-de giň gerimli özgertmelerini amala aşyrmak üçin ähli güýç-gaýratlaryny we ukyplaryny bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar. Şol özgertmeler milletiň agzybirligini we jebisligini, jemgyýetde parahatçylygy hem-de durnuklylygy has-da pugtalandyrmaga, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.