Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

20:5420.05.2021
0
8007

Şu gün - 20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň barşynda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine seredilip geçildi – diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça iki ýurduň arasyndaky özara hereketleriň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy ugrunda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi.

Şu nukdaýnazardan taraplar hususan-da söwda gatnaşyklarynyň anyk ugurlaryny we görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ykdysady ulgamda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň takyk taslamalary boýunça gepleşikleriň geçirilmegi üçin iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagy babatynda ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar hökümetara derejesindäki gatnaşyklaryň derwaýyslygyny nygtamak bilen, onuň yzygiderli alnyp barylmagyna taýýarlyklaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň