Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýeňiş» täze biçüwdäki köýnekleriň 30 sanysyny hödürleýär

11:4119.05.2021
0
9647

Ýurduň erkek we çaga köýnegini öndürýän iň uly kärhanasynyň taýýarlaýan önümleriniň görnüşleriniň hataryna, tomus möwsümine gabatlap, ýene 30 sany täze biçüwdäki ýeňil köýnekler goşuldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Maryly tikinçileriň ýaşlara we çagalara niýtelenen geýimleriniň görnüşi we biçüwi tutuşlaýyn diýen ýaly üýtgedildi. Ilat arasynda uly talap bildirilýän “Ýeňiş” firma belgili köýnekleriniň bezeginiň üstüni özboluşly urundylar we bejergiler, ýakalaryň üýtgeşik nusgalary, urna jübilerdir olaryň gapajyklary bezedi. Fabrigiň satuwa çykarýan önümleri tutuş pudakda öňdeligi saklap gelýärler. Ýylyň diňe birinji çärýeginde maryly tikinçiler 2 million manatdan-da artyk harytlyk önümleri ýerlediler.

Bu fabrigi reňk dürlüligine baý bolan otuza golaý mata bilen üpjün edýän Aşgabadyň “Ruhabat” dokma kombinaty bilen hyzmatdaşlyk olaryň daşary ýurtdan getirilmeginden doly ýüz öwürmäge mümkinçilik berdi. Fabrigiň önümleriniň iki görnüşi ýurduň paýtagtynda ýerleşýän alty sany firma dükanynda ýerlenýär. Önümiň satyş geografiýasyny ýurduň ähli sebitini öz içine alar ýaly giňeltmäge bu ýerde işlenip düzülen onlaýn-satuw usuly uly kömek edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň