Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular

19:4716.05.2021
0
5335

15-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ministrler şu ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly gepleşiginiň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de, söhbetdeşligiň dowamynda ministrler käbir sebitleýin we halkara meselelere seretdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin ýokary derejedäki gepleşikleriň işjeň dowam etdirilmeginiň derwaýyslygy nygtalyp geçildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň