Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýyň älem gämisi Marsa gondy

10:0716.05.2021
0
3876

Hytaýyň «Çžužun» marsohodynyň «Tianwen-1» apparaty Marsyň ýüzüne üstünlikli gondy. Bu barada TASS Hytaýyň milli kosmos edarasyna salgylanyp habar berdi.

Apparat Marsyň demirgazyk ýarymşaryndaky Utopiýa düzlügine Pekin wagty sagat 07:18-de üstünlikli gondy. Gonuş awtomatiki usulda bolup geçdi, sebäbi enjamy Ýerden uzak wagtlap dolandyryp bolmaýardy.

Mars bilen Ýeriň arasynyň uzaklygy sebäpli (takmynan, 320 million kilometr) habar tolkuny 17 minut gijä galyp geldi.

240 kilogram agyrlykdaky enjam 92 günüň dowamynda Marsyň üstünde işlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň